Ýürekdeş sözler!
boshver : Sen kim bol tapawudy ýok, şonda-da arzuwyñda gezjek tapylar..#fileo
Şygyryýet dünýäsi
Esger ölmeyar...+1
Esger ölmeýär... Mahal-mahal demir kaskamy geýip, Gidýän hyýalymda geçmişe sary. Russiýa, Germaniýa, Ýewropaň ýüzi, Aýaza basyrlan zeminiň gary. Ellerde awtomat gözlerde gazap, Ol güni bolşy deý bolmaýar ýazyp. Teninde gaýnaýar watanyň ary, Ar almak hyjuwy eredýär gary. Her gezek elimi çoýamda oda, Gardaky esgerler düşýär şo bada. Şol pursat polatdan kaskamy geýip, Urşuň gujagyna gidýärin gaýyp. G...
dowamy...Aixcam_nx (24.06.2025 / 13:27) okaldy (23) teswirler (0)
DÖWÜK-DÖWÜK BU GÖWNÜMIŇ DERDI KÄN+3
Döwük-döwük bu göwnümiň derdi kän,
Gursagymda çogup duran gussa bar.
Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär,
Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň.
Gyssamaň, duýaýyn ynjysyn köňlüň,
Çekişeýin günleň agyr keşigin.
Bolmanda, ejaza berenok hergiz
Egnimdäki “Ynsan” diýen eşigim.
Ýazjak bolýan ýene başardygymdan,
Ýazmak — kysmatyma berlen “gönükmäm”.
Belki, ýöne ýerden däldir
Gijeler
ýatan pilläm birden-birden demikmäm.
Onsoň ýene ha...
dowamy...Sebap (24.06.2025 / 08:01) okaldy (55) teswirler (2)
Gaýgy-gamdan ýüki ýetdi günleriň, ÝALŇYZLYKDA, ÝOKLUGYŇDA, ÝOLUŇDA+1
Gaýgy-gamdan ýüki ýetdi günleriň Ýalňyzlykda, Ýoklugyňda, Ýoluňda. Solup gitdi saňa netlän güllerim Ýalňyzlykda, Ýoklugyňda, Ýoluňda. Indi ýazlar bark uranok öňki deý, Dünýä dymdy, dünýä diňe seňki deý, Agdy gitdi durmuşymyň eňki-leý Ýalňyzlykda, Ýoklugyňda, Ýoluňda. Asman ýaly arassadyň, sadadyň, Durmuşymyň güneşidiň — odudyň, Men çalajan umytlardan ýadadym Ýalňyzlykda, Ýoklugyňda, Ýoluňda. Gurs...
dowamy...Sebap (24.06.2025 / 07:52) okaldy (26) teswirler (0)
Goşgular.+4
[color=#6a60ec]G. BAÝRON “ Ol günleri ýatdan çykaryp bilmen” Ol günleri ýatdan çykaryp bilmen, Tutuşlygna eýeläpdiň kalbymy. Aýralyk, dag-hijran uzakda bizden, Bitewidi ýüregmiziň ýangyny. Şelaýyn dost, sen öz yşkyňy maňa, bildiren şol bagtly günüňden başlap, Çeken jebri-jepam aýan däl saňa, Ýanyp ýaşadym men hem doňup,gagşap. Ýöne şeýle çuňňur ejir ýok indi, Öten söýgi hakda ýatlap ýörmeden, Ýala...
dowamy...Pearl (24.06.2025 / 06:13) okaldy (61) teswirler (8)
Ýüregime+2
Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Atyldymy ýene şo köne kesek?!
Neçüýn beýle ses-sedasyz aglaýaň,
Indi dar bolýarmy öňki giň ketek?!
Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Ýeňişlerden köpelýärmi, ýeňlişiň?!
Özüň-ä mydama ýazgaryp gelýäň,
Käbirlerniň çybyk kimin eglişin.
Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Birden-birden eýläk-beýläk urunýaň,
Öňler aglan oglan em...
dowamy...Sebap (23.06.2025 / 23:56) okaldy (46) teswirler (2)
Artyk görünýär+4
Öýkeleseň öýkeleşip ýörmeli,
Kölegäňem käte artyk görünýär.
Hiç ýama tutanok göwün diýeniň,
Müň ýama ýapsaňam ýyrtyk görünýär.
Bir-birekden görlüp ýeriň gatysy,
Käte süýtdeş dogan seýrek görünýär.
Bir garynda ýatanymy, hatasy?!
Ara çöp atana baýrak görünýär.
Samanyň astyndan suw goýberýänden,
Ýere bakandan ýer gorkak görünýär.
Dişleri döwse-de gyşyň şat...
dowamy...Sebap (23.06.2025 / 23:41) okaldy (37) teswirler (1)
Diýýärler...+1
Kyrkdan soň akylyň goýalsa — ýagşy, Hata eden adam uýalsa — ýagşy. Suw ýaly maşyn däl, bagt diýlen zat. Olam öz ýerinde aýalsa — ýagşy. *** Guwwasmyň, deňizde çümmäni başar, Näkesleň ýanynda dymmany başar. Onam başarmasaň, şolaň teninde Aldajy baş ýaly dömmäni başar. *** Ýazsyramak gyşy gardan aýyrar, Suwjuklyk myhmany törden aýyrar. Köpbilmişlik edip, mekirlik satsaň, Bir gün seni dosty-ýardan aýyrar...
dowamy...Sebap (23.06.2025 / 22:56) okaldy (18) teswirler (0)
Gowja gosgy ekeni+3
Eliňden gidirip arzyly zadyň,
Dünýäň derdi bilen aglap gördüňmi?
Gözden gam inende,
Soralsa halyň,
«Aý, gowy-la» diýip aldap gördüňmi?
Gijelerne ýalňyz galyp gördüňmi,
Ýyldyzly köýnegin synlap asmanyň?
Gülkiňe gussaňy garyp gördüňmi,
Bendi bolup em tapylmaz ahwala?
Gördüňmi ýodany yzarlap ýüp deý,
Nämedir bir zady küýsän mahalyň?
Awunyp gördüňmi minnetli gepden?
Gyş bolup gördümi ýaşyl baharyň?
Käte-käte adam gözläp...
dowamy...erkin1997 (23.06.2025 / 21:16) okaldy (47) teswirler (3)
Gyzgynjak goşgudyr. Eliňiz ýansa menden däl)+8
SÖÝ MENI! "Söýüň meni, ýürek söýgi küýseýär..." G. Ezizow. Söý meni zer-ýüpek lybaslar geýen Öňli-soňly arzuwlaryň baryça! Daňdanlar ornuny Güneşe beren Asmandaky ýyldyzlaryň sanyça. Söý gahar bedewiň badyn tijeden Jygba-jygly gurýan jeňlerim bilen. Begendir säherler, ýarygijeler Garaşmankam geljek jaňlaryň bilen. Duýup kalbyň kämil eden zynatyn Çeksin dursun...
dowamy...Belki (23.06.2025 / 18:27) okaldy (65) teswirler (8)
Ykbala+5
Arzuwym o diýen ullakan zat däl:
Altyn däl, maşyn däl,ýa samolýot däl,
Owadan jäjek däl, ýasama at däl,
Ilkinji dilegim – kemlik den sakla.
Hemmejämiz adam – özümiz deň däl,
Kimiň düýbi çuňňur, kimiňki çuň däl.
Danadan öwrenmek beýlekä geň däl
Şeýle bolsun: Gyradeňlikden sakla.
Çagalygyň hözirinden aýyrma,
Ata ýurduň huzuryndan aýyrma.
Ömrümboýy emma emläp doýurma,
Wagty geleninde emzikden sakla.
Ene-de, ata-da bir gün...
dowamy...Sebap (22.06.2025 / 16:35) okaldy (35) teswirler (1)
Zamany diňle+6
Diñlemäge myş köpeldi jahanda,
Myşy däl dañ turup, azany diñle.
Dili duzsuz ynsan mydam gapanda,
Sözi geljegmize uzany diñle!
Bu ömür kerwendir gelerde, geçer,
Gün kimin dogarda, kül kimin öçer.
Geçilen menzilleñ sogabyn ölçer,
Özgäni gynaýan yzany diñle!
Görkezip dostuna nädogry ugry,
Durmuşdan iýdirdi undulmaz urgy.
Paýhassyz gardaşyñ derdinden görgi,
Görenden, paýhasly ýylany diñle!
Mertler öz agrysyn añmaýan eken,...
dowamy...Sebap (22.06.2025 / 08:17) okaldy (45) teswirler (1)
Men şonda düşünýän+6
Illeñ gülýänine gülüp bilmesem,
Men şonda düşünýän üýtgeşikdigme.
Dostlarmyñ aýagny çilip bilmesem,
Men şonda düşünýän üýtgeşikdigme.
Ýaşadykça artsa ýylyñ gymmaty,
Gedaý görsem ýitse puluñ hümmeti,
Mazarlykda görsem jansyz kümmeti,
Men şonda düşünýän üýtgeşikdigme.
Döwrüñ modasyna eýgermek kyn zat,
"Köwşüm ýok" diýýärin bogazym gynap,
Kä-te-de aýagy ýoklary synlap,
Men şonda düşünýän üýtgeşikdigme.
Geñ görme paýhassyz...
dowamy...Sebap (22.06.2025 / 08:10) okaldy (40) teswirler (1)
Musulman zenany şeýle söýmeli+4
Dogaly gollaryň uzat bir zaman
Daglaryň goýnunda synlaly duman
Soň meni kiçijek dünýäňe ýollap
Şol ýerden dänjegim eýleme güman
Şol kiçijik dünýä ömürlik gidip
Ýaşaýyn çar ýanym gülzarlyk edip
Diňe özüm üçin özüňden başga
Orun goýjak diňe bir ýarlyk edip
Soň ömür ýolunda bileje durup
Bir-biregi çekip jennete tarap
Amal depderimiz bezäli yşkdan
Ümmülmez nur bolsun jemleme tarap
Güneşiň çogy sen, nury sen aýyň
Melekle...
dowamy...Rabiya (22.06.2025 / 01:53) okaldy (37) teswirler (2)
Erkekmi, Aýal???+1
Elinde biri,
Bilinde biri.
Biriniñ bolsa,
Elinden tutup.
Dünýäñ ýüküni,
Egnine atyp.
Barýar köçeden,
Hyýala batyp.
Ýeñil diýýäler,
Aýalyñ işi.
Erkek çekýärmiş,
Dünýäni,daşy...
Daşyñ jany ýok,
Göterler,goýlar..
Çagany bolsa,
Gijede söýler.
(ukusyz söýler)
Seniñ pikriñçe,
Bu azap düýşmi?...
Huş bolýan bolsa,
Aýt Kimler güýçli?
Kerim Hallyýew...
dowamy...Sebap (21.06.2025 / 22:22) okaldy (32) teswirler (1)
Geçilen ýol+6
BIR ömrümi abraý bilen ýaşasam,
IKI dünýä arzuwlarma ýetdigim.
ÜÇ doganym garbap dursa daşymy,
DÖRT pasyldan rysgal döwlet tapdygym.
BÄŞ günlük dünýede, gün görmek üçin,
ALTY gün irmezden zähmet çekýäris.
ÝEDI gat Ýer şaryñ kynçylygyny,
SEKIZ bent goşguda zörledip ýörüs...
DOKUZ aýlap ene garnynda ýatyp,
ONA-da ýetenok aýdan hoş sözüm.
ON BIRIMDE başym çararyn öýtsem,
ON IKIMDE ejem ýuwdurar ýüzüm.
ON ÜÇ ýaşda, on üç g...
dowamy...Sebap (21.06.2025 / 22:08) okaldy (35) teswirler (2)
Tizlik+1
Tizleşipdir dünýä, tizleşdi zaman,
Adamlaram juda howlukýan ýaly.
"Ulalaşym gelýäý" diýýä çagajyk,
Ömrüñ ahyrynda gowluk bar ýaly.
Tizleşipdirdünýä, tizleşdi zaman,
Durmuşa düşünmän, durmuş gurulýar.
Bagtly bolsalar aýbam ýok welin,
"Dul" adyn göterýän köpelip barýar.
Tizleşipdir dünýä, tizleşdi zaman,
Äsgermän itlerem iýenok çörek.
Ynsan tapdy derdin çalt ýeñletmegi,
Peýdalymyş has-da sabyrdan, arak.
Tizleşipdir dünýä...
dowamy...Sebap (21.06.2025 / 22:05) okaldy (22) teswirler (1)
Gepiň ustunde...+4
Endamyňa siňewersin iýýäniň,
Gödek-gödek oýny bardyr dünýäniň.
Bu ne apat: bir bigünä bendäniň
Ömri köýýär ýalan gepiň üstünde.
Bu mekandan bir gün gidersiň göçüp,
Ýol aşyp bilmersiň ykbaldan gaçyp.
Ynamdan, imandan, ynsapdan geçip
Oda-köze düşmäň nepiň üstünde.
Gatnawly ýollaryň bolmasyn harap,
Ýöräňde-de ýöre astyňa garap,
Sen hiňňillik uçjak bolma guwdurap
Güne ýanan çüýrük ýüpüň üstünde.
Çuňňur bolsun yn...
dowamy...Sasiyona (21.06.2025 / 21:31) okaldy (28) teswirler (3)
Bolsaň bolýar+2
Sürmeler bozulsa gaşdan,
Baharlar aýlansa daşdan,
Tapawdy ýok haýsy ýaşda,
Sen bir zady bilseň bolýar,
Kä gözüme ilseň bolýar!
Asman hem Zemin arasyn,
Söýginiň hökmi sorasyn.
Didämiň agy-garasy,
Sen bir zady bilseň bolýar,
Maňa mydam gülseň bolýar!
Köşeşmez kalbym zary hiç,
Galan zatlaryň bary hiç.
Ýa ir bolar, ýa juda giç,
Sen bir zady bilseň bolýar,
Çakylygma gelseň bolýar!
Armanym äkider ýeller,
Goý, geň görse görsü...
dowamy...Sebap (21.06.2025 / 13:05) okaldy (28) teswirler (0)
Zenan kim?+5
Saçyñ birje tary ynjany üçin,
Kimdir biri gizlin aglaýan bolsa.
Hemmeden öñürti ýagty ertäñe,
Synmazak umydyn baglaýan bolsa,
Soñlanmaz sowaly "Hallaryñ neneñ?",
Jogaba ýaltanma, ol seniñ eneñ!
Haldan doýup, bir gün derde uçrasañ,
Kimdir ýagdaýyñy soraýan bolsa,
Seniñ ýa-da sen deý erkek göbekliñ,
Maşgalañ namysyn goraýan bolsa,
Çekmeseñ şol gara gulpakdan zyýan,
Ynamly gadam ur,
Ol merdem uýañ!
Çañ keçäñ kakylyp, gyzdy...
dowamy...Sebap (20.06.2025 / 22:54) okaldy (20) teswirler (0)
Söýgi we dostluk+3
Telim gezek aýtjak bolup,çekinip,
Telim gezek söz deregne üsgürdim.
Meniñ söýgi gaplan, dykyz kalbymdan,
Dostluk bakyşlaryñ bilen üstündiñ.
Göz aýladym,söz aýladym düşmediñ,
Gözlerim çaşardy,sözlerim peltek.
Gezip ýörün, sepilse-de tohumym,
Ony gögertmeýän,şor açan pel dek.
Hyýalymda "oýun" gurap seň bilen,
Huşum tapyp,edebime dolanýan.
Meni söýmek kyn däl,duýdursañ ýetik,
Ne-hä jeza berýän, ne-de pul alýan.
Aýyplaşm...
dowamy...Sebap (20.06.2025 / 21:11) okaldy (22) teswirler (0)
Jemi: 1534
Soňky teswirler
Pikirleshyas
Seniň üçin hiç hili bolmajak mümkin däl zadyň, bolmajagyna gözüň ýetip duran zadyň, iru giçde juda azam bolsa boljagyna umyt edip bolýamy ynsanda...
dowamy...
Ýokaryk