Ýürekdeş sözler!
Asman : Özüñi södürmeseñde ýigrendirmezligi bashar!!!
Şygyryýet dünýäsi
Ajy hakykatlar...+4
Doganyň dogana gadyry ýitdi,
Eltiň eltisine hödüri ýitdi.
Haýat gurduk welin howlyň daşyna,
Ähli goňşularyň sudury ýitdi.
Hemmeleriň aladasy pul boldy,
Adam öz nebsine baky gul boldy.
Arzylandy ýeňil kelle aýallar,
Namysly gelinleň ýary dul boldy.
Ölenden soň gereklendi ejeler,
Kakalarny diri ýakdy niçeler.
Başda dogrup soň taşlanan çagalaň,
Kalbyndaky ýarany kim bejerer!?
Hiç zatdan habarsyz dünýä geleňde,
Soň ökünýäň...
dowamy...Soho (29.06.2025 / 17:40) okaldy (51) teswirler (3)
Köşeşmen entek+3
Köseme öziñi köşeşmen entek, Agaran saçlarym gelýänçä kadda, Ölen duýgylarym janygyp birden, Gol çekilýänçä şol gorkunç madda. Köseme õziñi köşeşmen entek, Gynama meñ ūçin pamyk dek beýniñ Gaýgylam damardan gan deý akýança Garaşyber heniz, duryber leỳlim. Maña ýürek hem-de duygy tapyp ber, Bolmasa bulara ýerinde peltek, Ähli edenleriñ bagyşlaryn soń, Şoña çen kösenme köşeşmen entek Awtory.Mekan Ÿagmyr...
dowamy...Teke (27.06.2025 / 23:37) okaldy (69) teswirler (5)
Kuryer gyz+2
Bu hekayany maňa dossum gürrüň berdi Uly uyasy Arina barada.Şol wagtlar Arina nahar eltiji bolup işleyadi ozi 19 yaşyndady okuva pul jemleyadi we şaherin gyrasynda bir otagda kreyine yaşayady. O yer arzan bolup, Emma howpsuz daldı.Kabir zatlar kopler ýaly onun hem başyndan gecyadi.Bir gün agşam ayratyn bir dymyşlyk bardy,sargyt diyen ýaly yokdy.Takmynan yary gije gen bir sargyt gelli,Bir sany pitsa adres şaheriň çetindaki...
dowamy...Pandajyk (27.06.2025 / 22:18) okaldy (46) teswirler (1)
Wesýetler boýunça+2
Çagakak «Aglamak utanç!» diýdiler.
Jahylkak «Aldamak utanç!» diýdiler.
Şeýdip endik etdik aglamazlyga.
Şeýdip endik etdik aldamazlyga.
Diýdiler: «Köplükde gägirmek aýyp».
Diýdiler: «Köçede sygyrmak aýyp».
Diýdiler: «Meýlisde geçmäkäň töre,
Hakyň barmy? Törüň özünden sora!»
Ýene-de diýdiler: «Ulalyp ýaşyň,
Garaja gyl bilen basyrlar döşüň».
«Döşüňe bitýänçä şol gyl – diýdiler.
Günäňi geçerler, ogul!» diýdiler.
«Döşüňe biten...
dowamy...Sebap (27.06.2025 / 13:05) okaldy (40) teswirler (2)
Maşgala hem pasyllar+6
Kaka gyşdyr-kä salkyn käte sowuk,
Onda gar ýagsa-da ereýändir soň.
Başdan aỳy:r zyýanly zady kowup,
Pähimi ömrüňe ýaraýandyr soň.
Eje ýazdyr-saňa ilki jan beren,
Şoň bilen dünýäde açylar güller.
Gum-guklyk ýaşaýşa aýdym-saz geler,
Pasyllaryň soltany ejeli günler.
Uýa tomus-onuň yssy mähiri,
Ýetişdirip aň-akylyň bişirer,
Ýollaryňa ýalkym saçjakdyr keşbi,
Ýalňyşaňda ýalňyşyňy ýaşyrar.
Aga güýzdir-dökülýändir dertleriň,...
dowamy...rexha (26.06.2025 / 07:25) okaldy (49) teswirler (1)
Yrylmak😊(Degişme)+3
Meň başymy aýlap biljek söz tap,
Sowgady tap, kabul etmän bilmäýin.
Sen ýylgyryp dymdyň.
Dostlarym kän internetde tanyşan,
Jaň edýärler, gürleşýärin daňa çen,
Senem ýöne gezen dälsiň maňa çen,
Sen ýylgyryp dymdyň.
Joralam bar özüm ýaly owadan,
Tanş edeýin, ýetik olaň sowadam.
Tanyşjakmy?
Şäherdenmi, obadan?
Sen ýylgyryp dymdyň.
Aýlyk aldym, ertir saçym boýatjak,
Telefona pul salmaly bolaýsam,
Işe gitjek, on birden öň o...
dowamy...Sasiyona (26.06.2025 / 07:14) okaldy (45) teswirler (1)
Kakam ýaşaýarka+3
Elimde kän öwerlik bir zadym ÿok,
Ÿönekey adam men,iliñ gözinde.
Yöne ynan,menden bagtly adam yok,
Kakam yaşayarka yeriñ yüzünde.
Aç bolaÿyn,köne bolsun lybasym,
Yöne,kakamyñ bir jany sag bolsun.
Alyan her demimde Jennet howasyn,
Kakam yaşayarka yeriñ yüzünde.
Bilmän basan wagtym itleñ guyrugyn,
Yolbars yaly yöretdi öz buyrugyn.
Saylap iyyän bişen miwäñ yarygyn,
Kakam yaşayarka yeriñ yüzünde.
Ylhamy sen,saylap alan kes...
dowamy...rexha (26.06.2025 / 07:12) okaldy (39) teswirler (0)
Soygi♥️+2
Asmandan zemine inen täsinlik
Oyardy Kalplarda mähir hem päklik
Nätanys sol inen tasin bu duýga
Az salymdan SOYGI diyip yüzlendik.
Tapysdy yurekler Leyli-Meinunlar
Soyguden bad aldy pakize kalplar
Kör etdi gözleri, jadyly duýgy
Çyn söygi aslynda seyleräk bolar
Soyüsmäni aýyp saýdy adamlar
Garsy çykdy oña düsünjesizler
Yürekden söymäni basarmaz her kim
Yürekden söymegi basarar mertler.
Ayrylmasyn hicem tapysan gözler...
dowamy...Sasiyona (26.06.2025 / 07:09) okaldy (42) teswirler (3)
Nika+2
Asaman ýaly agrasdyñ sen, Çeşme ýaly arassadyñ, Mukadesdiñ, beýikdiñ sen, Çaga ýaly neressediñ, Kanun ýaly möhümdüñ sen, Suw, howa deý gereklidiñ. Halallyga ýolduñ baky, Bagt, nygmatly tarapyñdy, Ýeke sözlük, wepalylyk, Üzülmejek tanapyñdy. Bu gün bolsa ownadyñ sen, Üzüldimi tanaplaryñ? Agyr düşüp ugradyla, Adamzada talaplaryñ... Ynha indi bakylyk däl, Bezeg bolduñ toý gününe, Ondan soñra mähriñ undu...
dowamy...Aydymcy_Jemile (26.06.2025 / 01:42) okaldy (63) teswirler (5)
Uzaklarda ÿazylan goşgy+3
Ÿat ÿurtlarda őtip barÿar ÿaşlygym,
Gűnler saklananok sekuntlar sanap.
Uzaklara kaÿyl boldy ykbalym,
Setirlermi kăte gőz ÿaşa gawap,
Bir setir şu hakda ÿazasym geldi.
Dertler ÿűpsűz pikirlermi çekip dur,
Labyra taşlanan deÿÿus mysaly.
Sagatlar geçip dur, ÿyllar akyp dur,
Rehim etmăn ol garabagt ykbaly.
Meni menden ogurlaÿan gűnleriñ,
Deregine şatlyk gűlki bolmady.
Dert çekemde galam tutdy ellerim,
Gűller soldy ÿőne kagy...
dowamy...@menin_dunyam (26.06.2025 / 01:41) okaldy (38) teswirler (3)
Ejeme hayyş+3
Ejeme haÿyş
Sypala başymy,süpür ÿaşymy,
Haÿyş sebäbini sorama Eje.
Meni ähli güyjüñ bilen gujakla,
Meniñ bu bolşumy yatlama soñam.
Bir sözüñe payrap gider gözÿaşym,
Sojap-sojap demim yetmez demime.
Kösäp soñam çykyp gitmese janym,
Eziz enem,eliñ yetmez emime.
Ynan-da sözlermi gülkä sapanma,
Sen bilme,täleyi çöwre geyenmi.
Men neneñ aÿdaÿyn,nädip aÿdaÿyn,
Men ony mensizem bagtly görenmi.
Bilme sen,binesip elimden taÿyp...
dowamy...Pandajyk (25.06.2025 / 23:02) okaldy (38) teswirler (5)
Ýürekdeşleri ýitirmäň+5
Sen meniň çagalyk dostumam däl, klasdaşymam, kursdaşymam däl, obadaşymam. Hatda işdeşimem däl sen. Ýakyn-u-uzak garyndaşlygymyzam ýok. Saý-sebäp bilen birek-biregem ýaňy tanadyk. Ýöne sen şonda-da maňa hemmelerden ýakyn, mähriban. Käbir dini maglumatlarda “Adam bu barlyga azyndan 6-7 gezek gelip, her döwürde her tüýsli ýaşap geçermiş” diýen düşünje bar. Meniň üçin, megerem, bu düşünje dogry ýaly. Sebäbi men seni öňd...
dowamy...Sebap (25.06.2025 / 21:30) okaldy (35) teswirler (1)
Öýlenseň hezil eken (Gülküli)+7
Öýlenseň, hezil eken,
Sowular ekeni niçeme derdiň.
Ownujaklar bilen güýmenip ýörmän,
Ullakan bir derde sataşar gerden.
Öýlenseň, hezil eken,
It degenok telefonyň puluna.
Oňa derek jübiň ýukalyp kem-kem
Baryň-ýoguň sarp edersiň “gülüňe”.
Öýlenseň, hezil eken,
Ýitýär göreçleňde hantamaçylyk.
Sen dertden halassyň,
Gelniňde bolsa
Dörär gabanjaňlyk diýilýän gylyk.
Öýlenseň hezil eken,
Eşiklerňi ütük gädip ýörenok.
Ütük b...
dowamy...Sebap (25.06.2025 / 19:45) okaldy (59) teswirler (4)
"Kaka, uly bolmak aňsat däl eken"+4
Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,
Seniň nanyň iýen günlemdir Jennet.
Indi iýjek bolup bir döwüm çörek,
Ondan öň iýýärin müň döwüm minnet.
*****
Kaka uly bolmak aňsat däl eken,
Durmuşyň agramy asylýar çepden.
Hemme zada çydan gaýduwsyz göwnüm,
Dik başyny egip basylýar gepden.
*****
Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,
Wepasyz dostlardan dolupdyr daşym.
Şolaryň öňünde aşak egilýär,
Zalym duşmanlara egmedik başym.
*****
Ýag...
dowamy...Sebap (24.06.2025 / 20:35) okaldy (46) teswirler (2)
Söýgim ❤️M❤️+2
Asmandan zemine inen täsinlik
Oyardy Kalplarda mähir hem päklik
Nätanys sol inen tasin bu duýga
Az salymdan SOYGI diyip yüzlendik.
Tapysdy yurekler Leyli-Meinunlar
Soyguden bad aldy pakize kalplar
Kör etdi gözleri, jadyly duýgy
Çyn söygi aslynda seyleräk bolar
Soyüsmäni aýyp saýdy adamlar
Garsy çykdy oña düsünjesizler
Yürekden söymäni basarmaz her kim
Yürekden söymegi basarar mertler.
Ayrylmasyn hicem tapysan gözler...
dowamy...Aixcam_nx (24.06.2025 / 19:30) okaldy (30) teswirler (0)
Biparh+3
Göwnüne degeňsoň bagtly günleriň,
Aglanyňda näme, güleňde näme?
Sergezdan duýgular dökdi güllerin,
Bilmäniňde näme, bileňde näme?
Birmahal azaşan umydy dolap,
Gelmäniňde näme, geleňde näme?
Garyp galan yşky sözlerňe çolap,
Gepläniňde näme, dymaňda näme?
Gör kimi ýoklapdyr yşkymyň dady,
Örteneňde näme, köýeňde näme?
Ah, indi dag ýaly Tirkişmyrady,
Söýmäniňde näme, söýeňde näme?
***
Aýna bakyp öz-özüme seredýän,
Düşünýä...
dowamy...Sebap (24.06.2025 / 19:30) okaldy (21) teswirler (0)
Sen öwretdiň...+1
Sen öwretdiň
Seň özüň öwretdiň nädip ýanmagy,
Indi lowlap ýanýan sönüp bilemok.
Sen öwretdiň ganat-persiz uçmagy,
Mydam uçýan indi gonup bilemok.
Sen öwretdiň ýagmyr bolup ýagmagy,
Dynman ýagýan indi diňip bilemok.
Seniň barlygyňda ýeňýärdim mydam,
Indi bolsa käte ýeňip bilemok.
Sen öwretdiň ýürek bilen gülmegi,
Indi ýürek bilen gülüp bilemok,
Sen öwretdiň mydam bile bolmagy,
Bu gün bolsa sensiz oňup bilemok.
Ine i...
dowamy...Aixcam_nx (24.06.2025 / 18:44) okaldy (18) teswirler (0)
24.06.2025+11
Sen duýdansyz ýitip gitdiň dünýämden, Kalpda aýdylmadyk sőzlerim galdy. Arzuw bilen, umytlardan balkyldap, Ýat bolan ýollaňda gőzlerim galdy. Ýollar bizi duşurmady soň-soňam, Meger, öňden paralleldi köçeler. Belki ýelden salam ýollansyň diýip, Şuwwullada gulak gerdim nijeler. Karar tapman, asman, zemin arada, Tüýtmeledim aýralygyň çal saçyn. Söýgim üçin gőreşipdim nijeler, Ýeňliş bilen tamam boldy darkaşym....
dowamy...yurekdes (24.06.2025 / 16:52) okaldy (82) teswirler (5)
Esgerimmm ❤️+2
Söýdüm eziz ýarym ýekeje seni
Senden başga görünmez hiç gözüme
Bu gün bolsa on sekiziñi dolup
Gidip baryar ýarym watan gullugyna
Saňa söz berýärin garaşjagyma
Yüreğimde diñe sen boljagyña
Yzyňda birnäçe ýatlama goýup
Gidip baryar ýarym watan gullugyna ❤️💂♀️
Esgerimmm ❤️ M...
dowamy...Aixcam_nx (24.06.2025 / 13:59) okaldy (59) teswirler (3)
Watançy ýigitler+2
Watançy ýigitler
Edenli siz, gaýratly siz ýigitler,
Size il guwanýar, watan guwanýar.
Siziň batyrlygňyz, mertligňiz bilen,
Ata-watan, ene-toprak dem alýar.
Görogly siz, haýhatly siz ýigitler,
Ak atly siz, gyr atly siz ýigitler.
Ädiminde daglar lerzana gelen,
Ozal Hakdan halatly siz ýigitler.
Siz watanyň ogly, watan perzendi,
Watan size uýýar, size ynanýar.
Uçgun çykyp duran didelerňizde,
Ýagty umyt, ýagty geljek gör...
dowamy...Aixcam_nx (24.06.2025 / 13:35) okaldy (34) teswirler (2)
Jemi: 1534
Soňky teswirler
Pikirleshyas
Seniň üçin hiç hili bolmajak mümkin däl zadyň, bolmajagyna gözüň ýetip duran zadyň, iru giçde juda azam bolsa boljagyna umyt edip bolýamy ynsanda...
dowamy...
Ýokaryk